SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine BMG bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda geçirilýän halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň on ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmagynyň bu ýurtlaryň durn...
Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasy bitaraplyk syýasatynyň netijeli häsiýetini belleýärler
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Döwlet sekretary Jozef Şellhornyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, hususan-da syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzýän bit...
Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Fatu Haýdaranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alyşdylar. Senagatlaşma we akylly şäher ösüşi pudagyndaky “ýaşyl çemeleşme” babatynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Duş...
DÇBÖBD-niň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününe bagyşlanan brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününe bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňze çykalgasy bolmadyk iň az ösen ýurtlar, ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýoka...
LLDC 3-iň çäginde Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Hureýjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar....
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misnediň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy dialogy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýaly özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy bo...