SOŇKY HABARLAR
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrülen Oraza baýramynyň çuň mazmunly, baý öwüşginli dabaralary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrsyn! Oraza baýramy adamzadyň ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk we do...
TÜRKMEN LIDERINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Gadyrly doganym! Siziň Alyhezretiňizi mübärek Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Açyklyk, raýdaşlyk we geçirimlilik duýgulary bilen ýetip gelen bu mübärek baýramyň, täsiri heniz hem dowam edýän çylşyrymly epidemiýa döwründe tutuş dünýä parahatçylyk, rehimdarlyk, bereket getirmegini arzuw etmek bilen, Türkiýe Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Size saglyk hem-de bagt, doganlyk türkmen halk...
DAŞOGUZYŇ TARYHY-ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI: TARYHYŇ SAHYPALARY, DÄPLERI WE ŞU GÜNI
Iýun aýynda Daşoguz welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň täze döwrebap binasynyň açylanyna on ýyl dolýar. Milli binagärlik we gurluşyk täzelikleri utgaşýan üç gatly bina Daşoguzyň binagärlik simwollarynyň birine öwrüldi. Daşoguzyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi 1974-nji ýylda döredildi, täze bina arheologik we etnografik raritetleri degişli şertlerde saklamaga mümkinçilik berdi. Muzeýiň gorunda 12 müňden gowrak eksponat bar. Bu ýere gelýänler arheologik tapyndylar, gadymy egin-eşikler...
TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE GURAMAÇYLYKLY JENAÝATLARA GARŞY GÖREŞ BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEBITLEÝIN MASLAHATY
2021-nji ýylyň 11-nji maýynda ÝHHG-nyň terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ÝHHG-nyň sekretariatynyň transmilli howplara garşy göreş bölümi bilen bilelikde guraldy. Bu çärä gatnaşmak üçin Merkezi Aziýanyň we ÝHHG-nyň beýleki gatnaşyjy döwletleriniň wekilleri, akademiýalaryň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJANYŇ DÖWLET NEBIT KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklan...
TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUMA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz toplumyny ös...
SIAN ŞÄHERINDE “MERKEZI AZIÝA – HYTAÝ” DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ IKINJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. HHR-nyň Döwlet geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I özüniň giriş sözünde kärdeşleri bilen mähirli salamlaşdy we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hem-de ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde bu formatyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirme...