RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Mar

«DERÝAPLASTIK» HJ ELEKTRIK SUW GYZDYRYJYLARY ÇYKARMAGY ÖZLEŞDIRDI

?Derýaplastik»  hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda  jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi. Önümçilik sehlerinde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kyrkdan gowragy oturdyldy. Hojalyk jemgyýetiniň täze önümi bäş ýyllyk kepillik bilen çyrakylýar we daşary ýurtlaryňkydan iki esse arzan. Onuň demir bölekleriniň posa ýokary derejeli durnuklylygy  innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy...

DOWAMY
pic
27 Mar

DÄPLER, NUSGAWY ESERLER, HÄZIRKI DÖWÜR: BELLI SAZLARYŇ TÄZEÇE BEÝANY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan saz bagyşlamalary tapgyryndan nobatdaky konsert boldy. TMK-nyň kafedralarynyň sekizisi tematiki we ýerine ýetirijilik gerimi bilen haýran galdyran täsirli konsert berdi. Sahnada bu ýokary okuw mekdebiniň iň güýçli talyplary çykyş etdiler, olaryň döredijilik hyjuwy we sazandarlyk ussatlygy milli saz sungatynyň ösüş ugruny kesgitlär. Joşgunly şahyrana saz älemine syýahat bagşyçylyk sungatynyň özboluşl...

DOWAMY
pic
27 Mar

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit bitumyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen EС...

DOWAMY
pic
27 Mar

TÜRKMEN SKRIPKAÇYSY JEMAL AGAJANOWA HALKARA BÄSLEŞIGINDE BAÝRAKLY ORNA MYNASYP BOLDY

Fransiýanyň Nissa şäherinden ajaýyp habar gelip gowuşdy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň ikinji ýyl talyby Jemal Agajanowa mart aýynyň dowamynda onlaýn görnüşde 30 ýurduň sazandalarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara bäsleşikde «skripka» ugrundan II orna mynasyp boldy. 18-20 ýaşlylar toparynda çykyş eden Jemal bäsleşikde Wolfgang Amadeý Mosartyň 5-nji Konsertiniň birinji bölegini ýerine ýetirdi. Konsertmeýsteri – halkara bäsleşikle...

DOWAMY
pic
27 Mar

LEONID FILATOWYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE: «OL BIZIŇ ILDEŞIMIZ!»

Aşgabatda sowet we rus aktýory, Russiýanyň halk artisti Leonid Filatowyň (1946-njy ýylyň 26-njy dekabry – 2003-nji ýylyň 26-njy oktýabry) ýagty ýadygärligine bagyşlanan agşam geçirildi, onuň çagalygy we ýetginjekligi biziň güneşli şäherimizde geçipdi. Kamera kysmy agşamy «Россотрудничество» Agentliginiň Türkmenistandaky wekilligi gurady. «Ajaýyp teatr we kino aktýory, ussat dramaturg, ssenariçi, režisýor, zehinli şahyr bütin ömrüne iki şäher – Moskwa we Aşgabat bilen bagly bolupdy» -- diýip «...

DOWAMY
pic
26 Mar

GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we ýurdumyzda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Bişkek şäherindäki B.N.Ýelsin adyndaky gyrgyz-rus Slawýan uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagyna uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Okuw sapagynyň dowamynda Ilçi Ş.Meredo...

DOWAMY
pic
26 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçili...

DOWAMY