RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT

2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi” atly halkara maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenis...

DOWAMY
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ÇÖL EKOULGAMLARYNYŇ ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA GOŞULANDYGY BARADA

2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişe...

DOWAMY
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ PREZIDENTINIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorka iş saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-ny...

DOWAMY
21 Sen

TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ TOPLUMY: ÖSÜŞIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY

Türkmenistan şanly, ykbal ähmiýetli senäniň — Garaşsyzlygyň 32 ýyllygynyň bosagasynda dur. Özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan uly üstünlikleri gazandy. Milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz pudagy ykdysady garaşsyzlygy has-da berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we onuň halkara energou...

DOWAMY
20 Sen

BAE-NIŇ WEKILLERI TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTYNA BARYP GÖRDÜLER

Bu ýerde «Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek arkaly daşky gurşawy goramak boýunça bilelikdäki tagallalary» atly maslahat geçirildi. Maslahata Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli, BAE-niň Masdar kompaniýasynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlar düzümi, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenler Masdar...

DOWAMY
20 Sen

DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ ХХV MASLAHATYNY ÇAGYRMAK HAKYNDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilip geçiljek 2024-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzy türkmeniň döwletli däplerini dowam etdirip, bir supranyň başynda jemlenip, döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmak, halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak hem-de beýleki ugurlar...

DOWAMY
20 Sen

DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ «YNSANPERWERLIGIŇ SARPASY» NYŞANY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna elýeterli etmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini halkara giňişlikde wagyz etm...

DOWAMY