SOŇKY HABARLAR
ÝEKATERINA BEGENJEWA TANSA ÇAGYRÝAR
Horeograf Ýekaterina Begenjewanyň tans toparynyň agzalary «Watan» kinokonsert zalynyň sahnasynda tansda küşt döwüni oýnadylar. Netijede oýun ak toparyň ýeňşi bilen tamamlandy, bu bolsa ýagşynyň ýamandan rüstemdigini tassyklaýar. Ol «Ýekaterina Begenjewanyň benefisi» tans tomaşasynyň çykyşlaryndan iň güýçlüsi we has döredijiliklisi boldy, çagalaryň bu ýere gelen ata-eneleridir baba-mamalary, dost-ýarlarydyr joralary zaly doldurdylar. Munuň hem sebäbi tans tomaşasyna horeograflaryň 9-synyň ýolb...
SERDAR AZMUN: TÜRKMENISTAN ÇAGALYK DÖWRÜMDE ULY FUTBOL DÜNÝÄSINE BADALGA BERDI
?Men 9 ýaşymdakam maşgalamyz bilen Türkmenistanda ýaşaýan garyndaşlarymyza myhmançylyga bardyk», – diýip, 26 ýaşly, milleti türkmen bolan meşhur eýranly futbolçy Serdar Azmun, häzirki wagtda belli aktýor hem-de telewizion we «Pishgoo» gepleşiklerini alyp baryjy, ozalky eýranly futbolçy Pejman Jamşid bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, Eýranyň esasy habar beriş serişdeleri habar berýär. Serdar Azmun Eýranda meşhur «Pishgoo» telegepleşiginiň myhmany hökmünde, çagalyk ýyllary, Aşgabatda öz deň-duş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MÖWSÜMLEÝIN OBA HOJALYK MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Balkan welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-prem...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändigi nygtaldy. Taraplar howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy g...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňyn häsiýetlendirdiler. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki Komitetiň çäklerinde yzygider gepleşikler arkaly berkidilýän işjeň syýasy-d...
“MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYNYŇ ÇÄKLERINDE RESMI WEKILLERIŇ 14-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji mejlisi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Mejlisi Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býuronyň Baş direktorynyň orunbasary, ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda açdy. Ol bu formatyň döwletleriniň arasynda howpsuzlyk, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ YLYM WE TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA IKINJI SAMMITINDE EDEN ÇYKYŞY
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hormatly jenap Baş sekretary doktor Ýusuf Bin Ahmad al-Usaýmin! Hormatly döwlet we hökümet baştutanlary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Onuň Alyhezreti Baş sekretara ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Bu duşuşykda garalýan mesele maglumat tehnologiýalarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen we adamzat üçin düýpli ähmiýeti bolan ugurlarynda bilelikdäki ylmy işleri talap edýän häzirki döwründe örän möhüm bolup du...