SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY TÄZE KITABY ÇAPDAN ÇYKDY
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe özboluşly sowgat boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, çäräni açmak bilen, döwlet baştutanymyzyň täz...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY UGRY ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLÝAR
Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wajyp çäreler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, dekabr aýynyň başynda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady. Şu gün sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň güni bilen dabaralandyryldy. Günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasy işinde ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän dürli ugu...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝURDUŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 –ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MEDAL GOWŞURYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly medal bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek barada Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýokary derejeli sylaglara diňe bir Türkmenistanyň raýatlary mynasyp bolman, eýsem, köpýyllyk päk...
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ HALKARA DEREJESINE – 25 ÝYL!
Suratkeşleriň Türkmenistanyň häzirki gününe we geçmişi, adamlaryň we tebigatyň gözelligi baradaky eserleri bilen ýurduň Bitaraplygyna bagyşlanan sergi bu ýere gelýänleriň kalbynda baýramçylygyň öňýanyndaky ruhuny galdyrdy. Paýtagtymyzyň sergi merkezinde türkmen halky tarapyndan Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli surat we keramika eserleriniň sergisi açyldy. Ýörite bu şöhratly senä gabatlap, ýurduň suratkeşleri türkmen halkynyň döredijilik we bagtly durmuşy barada täze eserler...
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANÝAR
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergiler Daşoguz şäherinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Sergiler welaýat kitaphanasynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň binalarynda görkezilýär. Sergileri guramaga dürli pudaklardan sebitdäki guramalar we edaralar işjeň gatnaşdylar. Oba hojalygynyň, ýerli senagat kärhanalarynyň we hususy pudagyň önümleriniň nusgalary, kitap önümleri, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, düýpli maketler, olar...
ASTRAHANDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY KONSERT BILEN GARŞYLANÝAR
2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň mejlisler zalynda türkmen talyplary, dürli ýurtlaryň talyplary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan "Kalbyň sazy" atly onlaýn konsert geçirdiler. Onlaýn tomaşaçylar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, türkmen we daşary ýurt dillerindäki estrada we milli aýdymlary diňlediler. Türkmenistanyň dürli ugurlard...
WATANYMYZYŇ PAÝTAGTYNDA TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARY
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berlen binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şäheriň Büzmeýin etrabynyň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si, 2 gatly kottej jaýlarynyň 9-sy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep we köpugurly Söwda merkezi gurlup ulanmaga berildi. Halkymyzyň ýokary hil derejesine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaý...