RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Noý

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Onlaýn görnüşde geçirilen «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara gepleşiginiň nobatdaky duşuşygynyň gün tertibine netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirip, ýurdumyz kanunçylyk – hukuk ulgamynda hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen köptaraply gatnaşyklaryň pugtalandyrylm...

DOWAMY
pic
27 Noý

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky umumy maslahatyna hem-de GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň umumy maslahatyna gatnaşdy. Maslahata gatnaşanlaryň hatarynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, agzalary GDA-nyň edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bar. Mejlisiň Başlygy türkmen parlamentiniň alyp barýan işlerine ünsi çekip, horma...

DOWAMY
pic
27 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

Şu gün, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşay işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.E.Gurýanow ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselele...

DOWAMY
pic
27 Noý

TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ SYÝASY-DIPLOMATIK TAÝDAN KADALAŞDYRYLMAGYNYŇ DERWAÝYSLYGYNA BERK YNANÝANDYRLAR

2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Z.Kabulow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanda asudalygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy we herekete getirilmegi ugrundaky tagallalara ýardam bermek bilen bagly meseleler babatynda pikir alyşyldy.  Şunuň bilen baglylykda...

DOWAMY
pic
27 Noý

ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY BOLDY

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň. Daşary işler, Söwda we senagat, Adalat ministrlikleriniň, şeýle hem Ýaponiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň, JETRO we JECO guramalarynyň hem-de ýapon ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýada...

DOWAMY
pic
26 Noý

EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 247-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreler gurnaldy. Çärelere YHG-nyň ýolbaşçy düzümi we Sekretariaty, Gurama agza ýurtlaryň EYR-daky Ilçileri we beýleki diplomatlar gatnaşdy. Hususan-da, Türkmenistanda öndürilýän dokma we azyk önümleriniň, şeýle-de milli öwüşgin...

DOWAMY
pic
26 Noý

TÜRKMENISTANYŇ UGURDAŞ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARY ÜÇIN ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI TARAPYNDAN ONLAÝN-LEKSIÝALAR TOPLUMY GURALDY

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan okuw sapaklarynyň toplumynyň çäklerinde ÝHHG-niň öňki Baş Sekretary Lamberto Zanýeriň üç günlük onlaýn-leksiýasy geçirildi. Leksiýalara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar. Leksiýalaryň barşynda talyplar “Azlyklar we olaryň jemgyýete integrirlenmeklerin...

DOWAMY