SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MERKEZI AZIÝA-KOREÝA» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 13-NJI MEJLISINIŇ BARŞYNDA ÇYKYŞ ETDI
2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazliýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow we Koreýa Respublikasynyň Da...
TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SANLY ULGAMDAKY MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek maksady bilen, tehnologiýalary geçirmek we sanly ulgam barada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Geçirilen gepleşiklere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekille...
ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Suga Ýosihideniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradak...
PAKISTANYŇ SARHAD SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Peşawar şäherindäki Sarhad Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Sherbaz Ilyas Ghazanfar Bilouryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda pakistan tarapy Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, şeýle hem “Baky Bitarap Türkmenistany...
FAGOTYŇ HOŞZYBAN MAHMAL OWAZY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda fagotçylaryň konserti boldy, ol diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Konsertiň guramaçylary we fagot üçin iň gowy eserleri ýerine ýetirenler -- fagot hünäri boýunça mugallym Rahat Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky üflenip we urulyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň talyplary hem-de mugallymlarydy. Konsert ikinji ýyl talyby Myrat Annamyradowyň çalmagyna Aleksandr Arutýunýanyň belli «Ekspromt» eseri bilen açyldy. «Ekspro...
SANLY YKDYSADYÝET WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA “TÜRKMENTEL — 2020” ATLY HALKARA MASLAHAT
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly ХIII halkara onlaýn maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu maslahaty «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar. Şanly senäniň — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän ýöriteleşdirilen forum telekommuni...
KARBAMID ÖNÜMÇILIGINIŇ DEPGINLERI ÝOKARLANÝAR
Balkan welaýatyndaky «Garabogazkarbamid» zawody karbamid dökünleriniň önümçiligini giňeldýär. Şu ýylyň dokuz aýynda kärhana esasy çig mal hökmünde tebigy gazdan alynýan ammiagy ulanyp, 900 müň tonna golaý karbamid çykardy. Önümçilik depgini geçen ýyldakydan iki esseden gowrak ýokarlandy. Doly awtomatlaşdyrylan kärhana italýan, golland we amerikan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Zawodyň önümi ýörüte gämi duralgasyna transportýor arkaly çaltlandyrylan usulda ugradylýar, bu bolsa ony suw üst...