SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, awtomobil benzinini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtomobil benzini OYR-nyň telekeçileriniň geleşiklerini...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde onlaýn maslahat görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky Suw hojalyk meseleleri boýunça utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Owgan tarapyndan suw serişdeleri ministriniň tehniki meseleler hem-de suwy kadalaşdyrma...
HARKOW ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Harkow şäherinde Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de 2020-nji ýylyň «Türkmenistan Bitaraplygyň – mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we «Harkow politehniki instituty» Milli tehniki uniwersiteti bilen bilelikde Harkow şäherindäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşyň açylyş dabarasynda ýoka...
MINSKDE GDA-NYŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Minskde GDA-nyň ştab kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergini Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde gurnady. Serginiň açylyş dabarasynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we işgärleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Belarus Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ioanna Ka...
ŞANLY SENÄNI ÖZBEGISTANLY DOSTLARYMYZ BILEN BILE BELLEÝÄRIS
18-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda BMG-nyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýany kabul etmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Çärä Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Daşkendiň ýokary okuw mekdepleriniň professor- mugallymlary we bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary, Özbegistanda kowçum...
TÜRKMEN TALYPLARY BAE-NIŇ ILÇIHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDYLAR
2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdul Aziz Abdulla al-Haşeminiň wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi. Şonuň yzysüre, 20-nji noýabrda diplomat hormatly myhman hökmünde Türk...
MILLI LIDERIMIZ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISINI GEÇIRDI HEM-DE ÝAŞAÝYŞ JAÝ TOPLUMYNY AÇDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalygy toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyzyň giň möçberli şähergurluşy...