SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Ýurdumyzyň ilatynyň asuda we howpsuz durmuşyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy. Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ JEMLEÝJI BÖLÜMINDE SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLAR ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. ABŞ-nyň wekiliýetine Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili...
TÜRKMENISTAN WE BELGIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Belgiýanyň wekiliýetine Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, daşary söwda we ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyk boýunça federal döwlet gullugynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Baş direktory Anik Wan K...
AZIÝANYŇ ÖSÜŞ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYKDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 17-nji dekabrda Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň wekiliýetleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Aziýanyň ösüş bankynyň köpsanly wekiliýetine Werner Lipak, Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory baştutanlyk etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, şol sanda energe...
«TÜRKMENFILMIŇ» ÝURDUMYZYŇ BITARAPLYGYNA BAGYŞLANAN PREMÝERALARY
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çeper filmiň nobatdaky premýerasy görkezilişe taýýarlanyldy. «Durmuş kyssalary» atly filmde häzirki döwrümiz, Garaşsyz Bitarap döwletimiziň gazananlary, ýaşlar üçin okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň berilýär. Bu tema ýaşlaryň üçüsiniň durmuşy barada gürrüňiň mysalynda açylyp görkezilýär. Şahyr, türgen we fizik-matematik -- bir-birine aýrylmaz wepal...
HOWDANA ILKINJI MILLIARD KUB METR SUW TOPLANDY!
Lebap welaýatynyň günorta-gündogaryndaky «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» adyndaky suw howdanyna gyşky suw toplamak işleri çalt depginlerde alnyp barylýar. TDH-nyň habarçysyyna emeli kölüň direksiýasynda gürrüň bermeklerine görä, häzirki wagtda howdana Amyderýanyň her sekuntda 250-260 kub metr suwy ýygnalýar. Şu güne çebli emeli howdandaky tenekar suwuň gory 1,2 milliard kub metre ýetdi. Amyderýanyň suwy bu ýere ini 120 metr we uzynlygy 40 kilometrden gowrak iri sepleýji kanaldan g...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza döwletleriniň milli ösüş gaznasynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen birinji maslahatyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, abraýly sebit hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenist...