RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Sen

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA SYÝASATYNDA YNANYŞMAGY DIKELTMEGIŇ ÄHMIÝETINI NYGTADY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlady.  Hut şol gün-de hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy göni ýaýlymda goýberildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu sessiýasynyň kyn döwre gabat gelendigini belläp, Türkmen Baştutany, gynansak-da häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan,  halkara hukugynyň goraglylygyna täsir edýän harby-syýasy bäsdeşlik netijesinde emele gelen ählumumy halkara ýagdaýa t...

DOWAMY
pic
23 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DÜNÝÄ YKDYSADYÝETINI DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNA ÇYKARMAK ÜÇIN PLATFORMALARY DÖRETMÄGE ÇAGYRDY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda başlandy. Bu gün döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo çykyşlary goýberilip başlandy. Ilkinjileriň biri bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi. Türkmenistanyň Baştutany öz ýüzlenmesinde şu ýyl kyn döwri başdan geçirýän dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada aýdyp geçdi. Durnukly ösüş...

DOWAMY
pic
23 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDAKY ÇYKYŞYNYŇ DOWAMYNDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY HEMMETARAPLAÝYN BERKITMÄGE ÇAGYRDY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 75-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlandy. Hepdeligiň dowamynda döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo-çykyşlary görkeziler. Şu gün, ilkinjileriň hatarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi. Döwlet baştutany öz çykyşynda halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny jikme-jik beýan etdi hem-de syýasy, durmuş-ykdysady we y...

DOWAMY
pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI ZHONGGUANCUN-2020 FORUMYNYŇ MEÝDANÇALARYNDA DUŞUŞYKLAR GEÇIRDILER

Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihansynyň söwda wekili Ş. Batyrow we diplomatik wekilhananyň ikinji sekretary S. Şyhyýew Pekinde geçirilen Zhongguancun-2020 (ZGC) forumyň çäklerinde guralan «Intellekt + ulag» söhbetdeşlik meýdançasynyň işine gatnaşdylar. Hytaýyň ylym we tehnika boýunça assosiasiýasynyň howandarlygynda geçirilýän ZGC meýdançasynda adaty we onlaýn görnüşde tutuş dünýäden bilermenler we alymlar, telekeçiler we maýadarlar, döwlet gullukçylary we diplomatlar, halkara guramalarynyň weki...

DOWAMY
pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PEKINDÄKI ILÇIHANASY HALKARA PARAHATÇYLYK GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY

21-nji sentýabrda Pekiniň «Parahatçylyk bagy» (Peace Garden Museum) Muzeýinde diplomatik wekilhanalaryň wekilleri ÝuNESKO, Hytaýyň bütindünýä parahatçylyk gaznasy, Pekiniň halkara medeniýet gaznasy we beýleki hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk gününe bagyşlanan «Parahatçylyk festiwalyny» geçirdiler. Çärä 300-den gowrak adam, ýene-de Hytaýyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan onlarça bilermen onlaýn-görnüşde gatnaşdylar. Hytaýyň bütindünýä parahatçyl...

DOWAMY
pic
22 Sen

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Ulaglaryň we aragatnaşygyň howanyň üýtgemegine täsiriniň peselmegi iki gün dowam eden onlaýn duşuşygyň esasy meselesi boldy. Duşuşyk BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy tarapyndan guraldy. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Ekologiýa meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumy...

DOWAMY
pic
22 Sen

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ ÝB BILEN ÖZARAHEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň özarahereketleriniň giň toplumy babatynda pikir alyşdylar. Hususan-da, taraplaryň soňky aýlarda dürli meýdançalarda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edild...

DOWAMY