SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY DUŞUŞYK
Şu gün Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr, şol sebäpli hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Watanymyzyň baý ykdysady kuwwaty hem-de häzirki zaman ga...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI BIRNÄÇE HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULMAK BOÝUNÇA KARARLARY KABUL ETDI
2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de birnäçe ähmiýetli halkara-hukuk...
BANK ULGAMYNDA INNOWASIÝALAR: UZAK ARALYKDAN TÖLEGLERI GEÇIRMEK
Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Halkbank terminal” atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam goşundysyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat hödürlenildi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda bank ulagmyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, häzirki wagtda bu çäreler hil taýdan täze gör...
TÄZE OKUW ÝYLYNA TAÝÝARLYK TAMAMLANYP BARÝAR
Okuwçylaryň tomusky dynç alşy, şonuň bilen birlikde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri-de tamamlanyp barýar. Ýurdumyzyň okuw edaralarynyň ählisinde abatlaýyş işleri geçirildi, olar zerur esbaplar we enjamlar bilen üpjün edildi, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary kämilleşdirildi. 12 ýyllyk umumy orta bilim Konsepsiýasyna, bilimi sanly ulgama geçirmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ulgamyna laýyklykda, mekdeplerde okuw işine täzelikler giriziler. Multilingwistik taýýarlyk, sanl...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumyny satyn aldylar. Russiýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş...
DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA ABŞ-NYŇ PREZIDENTINDEN HAT GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, Amerikan halkynyň adyndan ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň iki ýüz kyrk dört ýyllygy mynasybetli iberen gutlag sözleriňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň. 4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin amerikan halkynyň taryhyna hem-de biziň buýsanýan demokratik we azatlyk ugrundaky däplerimize biziň gatnaşyklarymyzyň nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm senedir. Biz Garaşsyzlyk gününi baýra...