SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň geljekde dünýä KHBS-ri bilen, hususan-da “Al-Arabiýa” meşhur teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň...
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa S...
Türkmenistanyň wekiliýeti MA – AADHG strategik dialogynyň üçünji ministrler duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 15-16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti El-Kuweýt şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi (AADHG) strategik dialogynyň üçünji ministrler duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Kuweýt döwletine iş saparyny amala aşyrdy. Forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza bolan alty ýurduň – Saud Arabys...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co. Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumit...
Türkmenistanyň Prezidenti Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşdy. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar. Uniwersitetiň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy. Iri maliýe edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de Haýahsi Nobumitsu döwlet Baştutanymyzy “EKSPO - 2025” Bütindünýä serg...
Tokioda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa ilkinji saparydygyny belledi we çakylygy kabul edip, Ýaponiýa gelendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de Premýe...