SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanda energiýa durnuklylygyny üpjün etmekde gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak işini ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Daşary işler ministrligine Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýew Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellenildi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14492
AŞGABATDA «NEJEP OGLAN» OPERASYNYŇ PREMÝERASY BOLDY
Medeniýet hepdelig-2020-niň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Nejep oglan» operasynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ol adybir dessan boýunça sahnalaşdyrylyp, türkmen halk sazlary mekdebi hem-de öz ömrüni milli aýdym-saz däplerini saklamaga we öwrenmäge bagyşlan dessançy-bagşylar barada gürrüň berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmen medeniýeti» diýen edebi işinde saz sungatynyň ägirt uly ähmiýetini...
UKRAINANYŇ PAÝTAGTYNDA MAGTYMGULYNYŇ GOŞGYLARY OKALDY
26-njy iýunda Kiýewde dünýä edebiýatynyň hazynasyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylan bagda beýik dana türkmen şahyryna bagyşlanan dabara geçirildi. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň guran çäresine Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ýokary Radasynyň deputatlary, Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýanyndaky «Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça baş direksiýanyň» ýolbaşçylary, jemgyýetçiligiň, telekeçilik düzümleriniň wekilleri, kowçum ýaş...
MEDENIÝET HEPDELIGI — 2020: BÄŞINJI GÜN
Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň zalynda ýurdumyzyň muzeýleriniň we döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işgärleriniň maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň 2011-nji ýylda gurlan bu iri muzeýi öz binagärlik keşbinde ajaýyp milli binagärlik däplerini jemleýär. Bu ýerde arheologiýa we etnografiýa sergileri, şekillendiriş sungatynyň galereýasy, tebigy gözelliklere he...
GALLA ORAGYNYŇ ÝOKARY DEPGINLERI
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde galla oragynyň depginleri barha güýçlenýär. 26-njy iýunda ýene-de ýedi etrap döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ahal welaýaty şu möwsümde öňdäki orunlary eýeleýär. Babadaýhan etrabynyň ekerançylary 58 müň tonnadan gowrak däne ýygnap, zähmet ýeňşi barada hasabat berdiler. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň Saýat etraby hem döwlet tabşyrygyny berjaý etdi. Çylşyrymly, emma sazlaşykly işleriň netijesinde etrabyň gallaçylary 4...
ŽIWOPIS ESERLERINIŇ ŞAHYRANALYGY
Paýtagtymyzyň sergi merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi guraldy. Magtymgula bagyşlanan žiwopis eserleriniň aglabasynda onuň dogduk iliniň – Balkan welaýatynyň şahyryň adyny göterýän etrabynyň gözel manzarlary şekillendirilipdir. Natalýa Kalugina şahyryň goşgylarynyň birinden ruhlanyp, şahyrana manzar çekipdir. Meýdan bägülleriniň näzik gözelligi, mahmal otlaryň ýaşyl öwüşgini, gülleriň g...