SOŇKY HABARLAR
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK, ENERGETIKA WE JEMAGAT HOJALYGY IŞGÄRLERINE
Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bütin ýurdumyzda giňden bellenýän Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen ata Watanymyzda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kämil maddy-enjamlaýyn binýatly, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýerli husu...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA PARAHATÇYLYGY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HEREKETLERI GOLDAÝAR
2020-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistany...
2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANDA ÝUNISEF-IŇ ÝURT BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ RESMINAMASY ÝUNISEF-IŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI TARAPYNDAN TASSYKLANYLDY
2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11-i aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi. ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, gor...
NOBATDAKY ARHEOLOGIK TAPYNDYLAR TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ GADYMYLYGYNY TASSYKLAÝAR
Türkmen topragynda saklanyp galan arheologik we binagärlik ýadygärlikleri biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize entek köp zatlary gürrüň bermäge ukyplydyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýatlary bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň medeniýetine we mirasyna bagyşlanan kitaplarynda Ýewraziýanyň köp ýurtlarynyň we halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň ilkinji aýdyň beýanyna öwrülen dünýä taryhy...
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçilikde zerur bolan sorujy enjamy we dürli görnüşli sorujy enjam...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Howa kodeksine, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine, “Awtomobil ulagy hakyndaky”, “Demir ýol ulagy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, hökmany döwlet ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalaryny we demir ýol ulaglarynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çek...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-d...