SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen gatnaşyklarynyň netijelerine garaldy
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda DIM-de Türkmenistanyň geçen ýylyň dowamynda Halkara zähmet guramasy bilen bilelikdäki işiniň netijeleri boýunça mejlis geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem welaýat häkimlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetine Baş direktoryň kömekçisi, Sebitleýin direktor Beata Andres ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine gatnaşyjylar «2024-2025-nji...
Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebitleýin direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlyk...
Eýran Yslam Respublikasynyň konsullyk, parlament meseleleri we daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň işleri boýunça daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň konsullyk, parlament meseleleri we daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň işleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzadeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşyldy, şeýle hem halkara we sebit gü...
Aşgabatda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade ýolbaşçylyk e...
Halkara zähmet guramasynyň Sebitleýin direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş müdiriniň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beate Andresyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meselelerini we bilelikde geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ad...
Türkmenistanyň DIM-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Başlygy Pedro Wargas Dawidiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen «Euronews»-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge bolan ymtylmasyny beýan etdiler. Hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda Türkmenistanyň medeniý...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi
2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda R.Meredow Gyrgyzystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Sadyr Žaparow özüne w...