SOŇKY HABARLAR
PAGTA ÝYGYMYNYŇ ÖŇ ÝANYNDA
Açylan duw-ak hanalar Amyderýa jülgesiniň atyzlaryna görk berýär. Şu ýyl Lebap welaýatynda gowaça ekilen meýdanlar 130 müň gektara çenli artdyryldy. Ondan azyndan 320 müň tonna pagta almak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda agrotehniki çäreleriň soňky tapgyry bilen birlikde pagta ýygymyna taýýarlyk işleri hem tamamlanyp barýar. Welaýat derejesinde we etraplaryň ählisinde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz we öz wagtynda ýygnamak üçin pagta ýygymyny guramaçylykly hem-de ýokary hilli geçirmäge gönük...
MALAÝ KÄNINDE GYSYJY KOMPRESSOR BEKEDI IŞE GIRIZILMÄGE TAÝÝARLANYLÝAR
Lebap welaýatyndaky Malaý gaz käninde tiz wagtda kuwwatly gysyjy kompressor bekedi işe giriziler. Ony gurmak boýunça işleriň aglaba bölegi ýerine ýetirildi. Bekediň taslama kuwwatlylygy – ýylda 30 milliard kub metr gazy gysyp çykarmaga niýetlenendir. Türkmenabat şäherinden 80 kilometr uzaklykda Garagumda ýerleşýän Malaý käni indi 20 ýyl bäri senagat taýdan işlenilip gelinýär. Şu ýyllarda gaz çykaryjy toplum diňe bir ilatly ýerleri, şeýle hem ýurdumyzyň gündogar sebitiniň dürli ähmiýetli binal...
HAÝWANLARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK BOÝUNÇA BÜTINDÜNÝÄ GURAMASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» ASSOSIASIÝASYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY
Türkmenistanyň Fransiýadaky lçisi Şöhrat Jumaýew Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory hanym Monik Elua we onuň geňeşçisi, doktor Romano Marabelli bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar haýwanlaryň arasynda ýokanç keselleriň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almak ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Ş. Jumaýew hanym Elua golaýda Türkmenistanda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýsynyň döredile...
WAJYP TELEKEÇILIK: TELEKEÇILER AMMARLARYŇ SANYNY ARTDYRÝARLAR
Daşoguz welaýatynda birbada 30 tonna oba hojalyk önümlerini we azyk harytlaryny saklamaga niýetlenen ýurdumyzyň demirgazygynda ilkinji hususy ammaryň gurluşygyna girişildi. Toplumy S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy R. Saburow gurýar. Umumy meýdany 0,7 gektar ýerde azyk önümlerini uzak wagtlaýyn we ýokary hilli saklamak üçin oňaýly şertler dörediler. Taslamada ammarlaryň ikisi we edara jaýy, şeýle hem tehniki binalar göz öňünde tutulan....
ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGELERI SEBITIŇ ÝURTLARYNYŇ YKDYSADYÝETINIŇ ÖSÜŞINIŇ GIREWIDIR
Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär. Bu ulgamdaky bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri dolulygyna amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýl...
KERAMIKAÇY GÜLÝARA BABAÝEWA: DÖREDIJILIGI, MAŞGALASY WE DOWAMATLYK HAKDA
Men ilkinji gezek Gülýara Babaýewanyň işleri bilen sergileriň birinde tanyşdym. Ýaş nakgaşyň žiwopis eserleri akýürekliligi we kreatiw awtorlyk tilsimi bilen özüne bendi edýärdi. Meniň olar barada öwgüli sözlerimi eşidenleriň biri onuň keramiki işleri bilenem tanyşmagy maslahat berdi. Dogrusy, men olara ýaş nakgaşyň güýmenjesidir öýdüp kän bir ünsem bermändim. Aslynda welin bar zat tersine ekeni: Gülýara Babaýewa – keramikaçy, žiwopis kompozisiýalary bolsa – döredijilik synaşyklary eken. Nepi...
MINISTRLER DEREJESINDÄKI GEPLEŞIKLERIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler. Taraplar ikitaraplaýyn gü...