SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN LIDERI KOSMONAWT OLEG KONONENKO DOGLAN GÜNI MYNASYBETLI IŇ GOWY ARZUWLARYNY IBERDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistanda watandaşymyzyň köp ýyllaryň dowamynda dünýä kosmonawtikasynyň ösmegine saldamly goşant goşup, ýaş nesilleri uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýandygyny aýratyn buýsanç duýgusy bilen syn...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Gonkongyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen şweýsariýaly we owganystanly telekeçileriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga...
NAKGAŞLARYŇ MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINE BAGYŞLANAN ŽIWOPIS IŞLERI
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan sergisi açyldy. Baýramçylyk sergisiniň başynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow Pyragynyň «Türkmenistan» goşgusyny labyzly okady. Sergide milli medeniýetiň görnükli wekilleriniň portretleri esasy orun tutýar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Saparmämmet Meredowyň çeken türkmen poesiýasynyň beýik şahyry Magtymgulynyň s...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW NURSULTAN NAZARBAÝEWE TIZ WAGTDA SAGALMAGYNY ARZUW ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti -Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe hat ýollady. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belleýär. “Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn. Durmuşyň şu agyr günlerinde Sizi hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygymyz...
ДИСТАНЦИОННОЕ ОБУЧЕНИЕ: ПЛАТФОРМА НОВЫХ ВОЗМОЖНОСТЕЙ
В стране ведётся работа по организации дистанционного обучения в системе среднего и высшего образования, активно изучается международный опыт в этой сфере. Как сообщил на состоявшемся сегодня заседании правительства вице-премьер П.Агамырадов, в образовательных учреждениях, обеспеченных цифровыми технологиями, проводятся удалённое обучение и различные научные конференции по системе видеосвязи. Впервые в Туркменистане предлагается организовать дистанционную методическую помощь родителям в подготов...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň «Işewürligi alyp barmak» («Doing business») taslamasyna goşulmagy şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar. Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirme...
RESMI HABAR
?Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine «Boeing 777-200F» kysymly ýük howa gämisini satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Airсraft Finanсe...