SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ITALIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Italiýanyň Prezidentiniň resmi kabulhanasy bolan Kwirinal köşgünde Ilçi T.Kömekowyň Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Italýan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ DÖWLET DURMUŞYNYŇ WAJYP MESELELERI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň or...
TÜRKMENISTAN ENÄNIŇ SAGLYGYNY GORAMAKDA DÜNÝÄNIŇ ÖŇDEBARYJYLARYNYŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI
Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan nobatdaky hoş habarda statistiki maglumatlara görä, Türkmenistanyň enäniň we çaganyň saglygyny goramakda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilendigi barada aýdylýar. BMG-niň geçen ýylyň netijelerine beren bahasy boýunça çagany dünýä inderen mahalynda eneleriň ölümi babatda ýurdumyzdaky görkeziji Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň pes görkezijileriň biridir. Bu netije hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy...
MEDENIÝET HEPDELIGI — 2020: DÖRDÜNJI GÜN
Daşoguz welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni hem köpöwüşginli çärelere baý boldy. Oňa gatnaşyjylar üçin şol gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde usuly maslahat guraldy. Onda, esasan hem milli tansy we folklor sungatyny öwrenmek hem-de oba medeniýet öýleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli medeni mirasy öwrenmek, ony dünýäde g...
TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇIHANASY MARGIANADA GEÇIRILEN SOŇKY YLMY AÇYŞLAR BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GURNADY
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy "MAFTUR" türkmen-fransuz arheologiki missiýasy bilen bilelikde gadymy Margianadaky soňky ylmy açyşlar boýunça halkara onlaýn seminar gurnady. Ilçihana bu çäräni ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyny, şeýle hem yglan edilen “Türkmenistan - Bitaraplygyň watany” ýylyna bagyşlap geçirdi. Bu maslahatda Türkmenistandan, Fransiýadan we UNESKO-dan resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistandan, Fransiýadan, Italiýadan, Angliýadan, Ru...
MINSK ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI WIDEO ARAGATNAŞYGY ARKALY MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Belarus Respublikasynyň Witebsk oblastynyň P.M.Maşerow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň arasynda bu ýokary okuw jaýynda bilim alýan daşary ýurtly we türkmen talyplarynyň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat çäresi geçirildi. Bu maslahata agzalan uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor mugallymlar düzümi, daşary ýurtly we türkmen talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Ilçihana...
“HAZAR DEŇIZINDE GOŇŞUÇYLYK HYZMATDAŞLYGY BERKITMEKDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ OŇYN ORNY” ATLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň çarçuwasynda Astrahan oblastynyň we Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlarynyň hem-de professor mugallymlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Hazar deňizinde goňşuçylyk hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn orny” atly tegelek stol görnüşinde halkara wideokonferensiýa geçirildi. Tegelek stolyň maksady - Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary...