SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞKENTDÄKI DIPLOMATIK WEKILHANASY ÜRGENÇ DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN WIDEO-ARAGATNAŞYGY ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Daşkentdäki Ilçihanasy Ürgenç döwlet uniwersiteti bilen wideo-aragatnaşgşygy arkaly duşuşyk gurady, bu ýerde türkmen ýaşlarynyň wekilleri bilim alýarlar. Wideo-aragatnaşygy arkaly duşuşyga Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow, ilçihananyň işgärleri, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory Bahrom Abdullaýew, uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygy boýunça prorektory G. Urozboýew, ýaşlar syýasaty boýunça prorektory S. Dawl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda strategik häsiýetli däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara gün tertibiniň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildir...
TÜRKMENISTAN MILLETLER BILELEŞIGINIŇ ÝENE IKI DÜZÜMINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANYLDY
BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we iç...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji nobatda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň11-nji martynda amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmenis...
TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypl...
DIM-DE TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ IŞI BARADA MAGLUMAT BERIŞ DUŞUŞYGY – BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk» atly maglumat beriş duşuşygy – brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şonuň ýaly-da ýer...
TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ ARASYNDA WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY MASLAHAT
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNKTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryna aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýasynyň 2020-2023-nji ýyllar üçin ikinji tapgyryny amala aş...