ÜZÜM HASYLY ÝYGNALÝAR

photo

Türkmenistanda köp meýdany tutýan üzümden şu ýyl bol hasyl ýetişdirildi. Indi bazarlarda üzümiň «Gelinbarmak», «Terbaş», «Halyly», «Dagtokga» we başga-da ençeme görnüşleri bar.

Üzüm ýetişdirmek işi öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmenistanda ol häzirki oba hojalyk önümçiliginde-de köpçülikleýin ýaýrandyr. Häzirki wagtda üzüm ýetişdirmegiň möçberi boýunça Ahal welaýaty ýurdumyzda öňde barýar.

Mälim bolşy ýaly, üzüm iýmit siňdirişi gowulandyrýar, onuň miwesinde suwuň köp bolmagy bedeniň suwa islegini kanagatlandyrmaga kömek edýär. Şeýle hem üzümde azyk süýümleri, peýdaly uglewodlar, antioksidantlar we az-kem belok bar. Mundan başga-da, üzümiň däneleride saglyk üçin peýdalydyr.

Gara üzüm bedene has gowy täsir edýär. Olarda flawonoidler we antioksidantlar has köpdür. Ak üzümiň hem dermanlyk häsiýetleri bar. Şonuň üçin üzüm saýlanyňyzda öz halaýanyňyzy alyň.

Üzüm hasylyny ýygnamak dowam edýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65710/uzum-hasyly-yygnalyar