AKJAGAÝA ÇÖKETLIGINIŇ TÄSINLIKLERI

photo

Türkmenistanda Akjagaýa çöketligi gury ýerdäki iň çöket ýer hasaplanylýar. Ol deňiz derejesinden 81 metr pesdir.

Ýata suwly çöketlik Garagum çölüniň demirgazyk-günbatar çäginde, Daşoguz welaýatynda ýerleşýär. Bu ýerde gum depelerinden soň duýdansyz takyrlyk başlanýar we ol täsin görnüşli çölüň ajap gözelligini aýdyň görkezýär.

Bu ýeriň ak reňkde bolmagy Akjagaýanyň tapawutly tarapydyr. Çöketligiň gyralary mergelleriňdir hekdaşlaryň toprak-karbonat gatlaklaryna kybap ak, gülgüne we mele zolaklardan ybaratdyr. 

Ylmy barlaglary geçirenleriň arasynda çöketlik gadymy deňiz akymlary netijesinde emele gelipdir diýen pikir bar. Şol sebäpli hem bu ýerde karbonat çökündi magdanlary we näbelli haýwanlaryň daşa dönen galyndylary galypdyr. Alymlaryň pikirine görä, deňziň çökündileri Garagumuň çäge gatlaklaryny emele getiripdir. Akjagaýanyň toýun düýbi jaýryk-jaýryk bolup dur. 

Deňeşdirmek üçin, Türkmenistanyň iň pes we beýik nokatlarynyň aratapawudynyň 3220 metrden agarakdygyny aýtmak gerek. Köýtendagda Aýrybaba belentligi bilen iň çuň nokadyň -- Garagumdaky Akjagaýa çöketliginiň aratapawudy şeýledir.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65708/akjagaya-coketliginin-tasinlikleri