ÝEWROPA BILELŞIGINIŇ WEKILÝETI TÜRKMENISTANDA ÝURDUMYZYŇ ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR

photo

Ýewropa Bilelşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýurdumyzda žurnalistikany ösdürmek boýunça iki günlük maslahaty öz işine başlady.

Çäre tutuş dünýäde žurnalistikanyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, media wekillerine hünär taýdan mundan beýläk hem kämilleşmek üçin täze ýollary we usulýetleri öwretmäge gönükdirilendir.

Hususanda, maslahatyň barşynda, şeýle hem dezinformasiýa meselelerini we olary ýüze çykarmagyň hem-de amaly tejribeler arkaly olara garşy göreşmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Çärä gatnaşanlary ýurdumyzyň žurnalistleri öz tejribeleri bilen tanyşdyrdylar we ýurdumyzda bu käri ösdürmegiň geljegi barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65706/yewropa-bilelsiginin-wekilyeti-turkmenistanda-yurdumyzyn-zurnalistleri-ucin-maslahat-geciryar