TÜRKMENISTAN-2022 FUTBOL ÇEMPIONATY: ÇEKELEŞIKLI OÝUNLAR

Aşgabadyň «Altyn asyr» topary Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynda öňde barýan «Ahal» toparyndan yza galmazlyk üçin her oýunda depginini güýçlendirýär. 7-nji tapgyrda ýurdumyzyň häzirki çempiony Balkanabatda «Nebitçini» 2:0 hasabynda utup, öňde barýan «Ahal» topary bilen arany golaýlaşdyrdy.

Oýnuň 6-njy minutynda «Nebitçiniň» oýunçysy Arslangylyç Nazgylyjow iki sany duýduryş (sary kartoçka) aldy we oýundan çykaryldy. Tutuş oýnuň dowamynda «Altyn asyr» san taýdan artykmaçlyga eýe boldy. Begençmyrat Myradow 18-nji minutda hasaby açdy. 51-nji minutda bolsa Begmyrat Baýow hasaby ikä ýetirdi.

2:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Altyn asyr» «Ahal» bilen aralygy 1 utuga çenli azaltdy.

Medallar ugrundaky bäsleşige Marynyň «Merw» topary hem goşuldy. 7-nji tapgyrda Magtymguly Begenjowyň şägirtleri bürünç medal ugrunda gönüden-göni bäsdeşi bolan Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» 4:1 hasabynda utdy. Ýer eýelerinden Orazberdi Myradow bir oýunda üç gol saldy (21-nji, 41-nji we jerime urgusyndan 72-nji minut), ýene bir gol Alybek Abdyrahmanowyň (54-nji minut) hasabyna ýazyldy. Myhmanlardan Akmämmet Metdaýew 86-njy minutda jogap pökgüsini geçirdi.

Bu ýeňişden soň 13 utuk bilen «Merw» çempionatda üçünji orna çykdy.

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary öz meýdançasynda Marynyň «Energetigini» 3:1 hasabynda ýeňip, bäşinji orna geçdi. Bu oýundaky ähli gollar oýnuň birinji ýarymynda tora girizildi. Oýunda Ýakup Maksadow (4-nji minut), Begenç Akmämmedow (23-nji minut) we Döwletmyrat Seýitmuhammedow (37-nji minut) tapawutlandylar. Arakesmä çykylmazynyň öňýany bolsa myhmanlardan Süleýman Mirzoýew (45-nji) bir gol geçirdi.

Bu ýeňişden soň «Köpetdagyň» 9 utugy boldy. 7 utuk gazanan «Energetik» bolsa altynjy orna düşdi.

Ýaryşyň ahyrky hataryny her birinde 3 utuk bolan «Aşgabat» bilen «Nebitçi» eýeleýärler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyry paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirilýän «Aşgabat» – «Ahal» toparlarynyň oýny bilen tamamlanar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65880/turkmenistan-2022-futbol-cempionaty-cekelesikli-oyunlar