Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. möwlewi Amir Han Mottaki bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň hem-de Hyrat şäherindäki “Nur-ul Jehad” elektrik bekediniň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan ykdysady taslamalary boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyldy.