Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 25-njy iýulynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. möwlewi Amir Han Mottaki bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hem-de Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde gurluşyk işlerine badalga bermek bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Ilçi H.Öwezow TOPH taslamasy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de bu taslamanyň Owganystanyň çäginde durmuşa geçirilmegi barada hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini haýyş etdi.
Möwlewi Amir Han Mottaki TOPH taslamasynyň ileri tutulýan taslamalaryň biri bolup durýandygyny aýratyn belläp, bu taslamanyň owgan bölegindäki gurluşyk işlerine badalga bermek üçin zerur bolan işleriň ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.