Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşyk hakynda

photo

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýewiň arasynda şu ýylyň aprel aýynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada pikir alyşyldy.

Energetika, ulag, söwda, sanlylaşdyrmak we senagat hyzmatdaşlygy özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.