Slowakiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň syýasy bölüminiň we protokolynyň başlygy bilen gepleşikler geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Slowakiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň syýasy bölüminiň we protokolynyň başlygy Peter Wilçak bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanda hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň ähmiýetini belläp, ýurduň bitaraplyk syýasatynyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy üpjün etmekde, özara düşünişmegi berkitmekde we hormata esaslanýan dialogy ösdürmekde möhüm şert bolup durýandygyny nygtadylar.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berip, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar diplomatik we parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hem teklipleri beýan etdiler.