img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy Bütindünýä şäherler forumy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 5-nji maýynda “Kabul Grand” myhmanhanasynda şu ýylyň 17-22-nji maýy aralygynda Baku şäherinde geçiriljek Bütindünýä şäherler forumy mynasybetli BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Owganystandaky wekilhanasy we Azerbaýjanyň Kabuldaky Ilçihanasy tarapyndan çäre geçirildi.

Bu çärä Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň baştutanlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi H.Öwezow çykyş edip, Türkmenistan bilen BMG-Habitatyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar, Türkmenistanyň şäher gurşawyny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary, şäher infrastrukturasyny, ekologiýa taýdan arassa we durnukly jemgyýetleri ösdürmek barada geçirýän çäreleri dogrusynda maglumatlary beýan etdi.

Şeýle-de, durmuş ulgamynda sanly we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäheri baradaky maglumatlar çärä gatnaşyjylara ýetirildi.

        Çäräniň dowamynda gurnalan sergide Arkadag şäheriniň fotosuratlary ýerleşdirildi. Dabara gatnaşyjylara Arkadag şäheri barada wideoýazgy görkezildi.