img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar halkara düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen halkara düzümleriň çäklerinde hereketleriň utgaşdyrylmagyny mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk tassyklanyldy.