2018-NJI ÝYLYŇ DÜNÝÄ BIRINJILIGINIŇ TÄZE BAÝRAK EÝELERI

Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýaryşlaryň sekizinji güni tamamlandy, onda erkekleriň arasynda 102 kilograma çenli hem-de zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejelerde ýeňijiler belli boldy. 

Ildeşimiz Aýsoltan Toýçyýewa B toparçada itekläp götermek görnüşinde hem-de çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny we birbada götermekde dördünji orny eýeledi. 

Toparçada öňdäki orna mynasyp bolan Rauşan Meşithanowa (Gazagystan) itekläp götermekde 108 kilogram agramyň hötdesinden gelip, güýçli hasaplanylýan A toparçadaky bäsdeşleriniň köpüsinden ýokary netije görkezdi we netijede, ikinji orna mynasyp boldy. 

Umumy hasapda birden götermekde London Olimpiadasynyň çempiony ispaniýaly Lidiýa Walentin Perez ýeňiji boldy. Belarus Respublikasyndan gelen türgen Darýa Naumowa bolsa bürünç medaly eýeledi. 

Itekläp götermekde örän çekeleşikli göreş dowam etdi, aýgytlaýjy synanyşyga çenli türgenleriň birnäçesi çempionlyk adyna dalaş etdiler. Türgenleriň ikisi 137 kilogram agramlygy götermegi başardylar. Ýöne, goşmaça görkezijiler boýunça Darýa Naumowa altyn medaly eýeledi, ol çykyşlaryň jemi boýunça ikinji orna mynasyp boldy. 

Itekläp götermekde ikinji orna eýe bolan ekwadorly Tamara Salazar çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny eýeledi. 

Itekläp götermekde üçünji orna mynasyp bolandygyna garamazdan, çykyşlaryň iki görnüşi boýunça ispaniýaly türgen Lidiýa Walentin Perez jemi 249 kilogram agramyň hötdesinden gelmek bilen, ýeňiji bolmagy başardy.