TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli: 

1. 1991-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul edilen «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny tarapyndan girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 58-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2015 ý., № 1, 28-nji madda; 2016 ý., № 1, 71-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda): 

preambulanyň birinji tesiminde we 14-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde «döwlet dolandyryş organlary» we «Döwlet dolandyryş organlary» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary» we «Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly; 

1-nji maddanyň birinji böleginde, 2-nji maddanyň ikinji böleginde, 3-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde, 4-nji maddanyň ikinji böleginiň ikinji we üçünji tesimlerinde, 6-njy maddanyň bäşinji tesiminde we 8-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerinde «ýuridik tarapyň», «ýuridiki tarap», «ýuridiki taraplary», «ýuridiki tarapy» we «ýuridiki we fiziki taraplaryň» diýen sözleri degişlilikde «ýuridik şahsyň», «ýuridik şahs», «ýuridik şahslary», «ýuridik şahsy» we «fiziki we ýuridik şahslaryň» diýen sözlere çalşyrmaly; 

9-njy maddada: 

birinji bölekde «Ýuridiki tarapyň» diýen sözleri «Ýuridik şahsyň» diýen sözlere çalşyrmaly; 

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli: 

«Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary-hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almak olaryň salgyt hasabyna goýulmaly ýeri boýunça salgyt edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.». 

2. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 88-nji madda; 2014 ý., № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 1, 32-nji madda, № 2, 69-njy madda; 2016 ý., № 1, 68-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda): 

5-nji maddanyň ikinji böleginde, 10-njy maddanyň mazmunynda, 12-nji maddanyň 2-nji we 14-nji bentlerinde, 13-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde, 14-nji maddanyň birinji, ikinji, üçünji böleklerinde, dördünji we altynjy bölekleriniň birinji tesimlerinde we ýedinji böleginde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly; 

18-nji maddanyň dördünji böleginiň 2-nji bendinde «bäş ýyla çenli» diýen sözleri «on ýyla çenli» diýen sözlere çalşyrmaly. 

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry.