DAŞOGUZLY SEÇGIÇILER GALLANYŇ TÄZE GÖRNÜŞINI SYNAGDAN GEÇIRÝÄRLER

Daşoguzyň ylmy-önümçilik synag merkeziniň Gubadag etrabynda ýerleşýän tejribe meýdanynda gallanyň täze “Döwletli” görnüşi ekildi. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şu ýyl ösdürilip ýetişdirilen bu görnüş ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyllylygy, kesellere we şora durnuklylygy, düzüminde kleýkowinasynyň köplügi bilen tapawutlanýar. Ilkinji hasylyň tohumy meýdanlarda synag etmek üçin ýerli hojalyklara berler. 

Demirgazyk sebitiň toprak-howa şertleriniň aýratynlygy sebäpli däne ekinleriniň tohumçylgy oba hojalyk ylmynda möhüm ugurdyr. Welaýat ylmy-önümçilik synag merkeziniň işgärleri seçgi we görnüş döretmek boýunça işe uly goşant goşýarlar.