GERMANIÝALY AÝDYMÇYLAR AŞGABATDA ROŽDESTWO KONSERTINI BERDILER

Dekabryň başynda Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin täze ýylyň öň ýanyndaky saz agşamyny guraýarlar. Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda geçirilen şu ýylky roždestwo konsertine germaniýaly opera aýdymçylary Janneta we Tomas Enderler hem-de konsertmeýster Ýohannes Aýhhorn gatnaşdylar. Germaniýanyň ilçisi Margret Ýubberiň gutlag sözünde atmagyna görä, bu baýramçylyk çäresi türkmenistanlylary nemes Roždestwosy bilen ýakyndan tanyşdsyrar.

Konserti Daňatar Öwezow adyndaky Ýörüte sazçylyk orta hünär mekdebiniň dirižýor Eziz Jumanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky Simfoniki orkestri açdy. Talyplar awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň iň güýçli eserleriniň biri bolan 40-njy simfoniýasyny ussatlarça ýerine ýetirdiler.

Drezdenli opera aýdymçylary Peter Korneliusyň we Maks Rigeriň eserleriniň birnäçesini duýgulara ýugrup, nepislik bilen ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda “Roždestwo arçasy”, “Çopanlar”, “Şalar”, “Mariýanyň hüwdüsi”, “Isa pygamberiň çagalygy” we beýleki aýdymlar bar. Eserleriň näzik owazlary we aýdymçylaryň owaz öwüşginlerine baý sesi, şeýle hem şemli şemdan hem-de roždestwo arçasy baýramçylyk ruhuny döretdi.

Konsertiň ahyry has täsirli boldy –“Rahat roždestwo gijesi” diýen belli nemes aýdymyny ildeşimiz Nury Nuryýew myhmanlar bilen bilelikde ýerine ýetirdi. Nemes-türkmen üçlügi: bariton, soprano we tenor sesler çeper sazlaşykly ýaňlandy. Diňleýjiler şowhunly el çarpmalar bilen aýdymçylary konsertmeýster Ýohannes Aýhhorny we dirižýor Eziz Jumanyýazowy alkyşladylar.

Gazetimiziň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Janneta Ender Germaniýada roždestwo eserleriniň repertuary bolup, olaryň arasynda Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň “Gysaç” we “Ukudaky gözel” baletleriniň sazynyň, şeýle hem Iogann Sebastýan Bahyň oratoriýalarynyň hem bardygyny gürrüň berdi.

Konserte professional sazandalary däl-de, talyplary goşandyklary barada sowala Jannetanyň ýanýoldaşy Tomas Ender munuň nemes medeniýetiniň ýörelgesinden gelip çykýandygyny belledi. Roždestwoda çagalar maşgala konsertini taýýarlaýarlar, sebäbi ol ululardan beter çagalaryň baýramy.

Germaniýanyň iri şäherleriniň konsert meýdançalarynda çagalar horallary çykyş edýärler, meselem, şu ýyl Brýusselde geçiriljek dabara çagalaryň 200-si gatnaşar. Biz konsertimize saz ussatlary bilen birlikde ýaş sazandalaryň gatnaşýandygyna begenýäris. Aşgabatdan soň biz Mara gidýäris, bu ýerde Ýolaman Hummaýew adyndaky Ýörüte sazçylyk orta hünär mekdebiniň okuwçylary bilen bileikde çykyş ederis. Olar hem şowly çykyş ederler diýip umyt edýäris.

Üçlügimiz kemala geleni bäri biz Gaaga, San-Sebastýan, Lissabon, Lýuksemburg, Pariž, Genuýa, Stokgolm we Alžir ýaly dünýäniň iri şäherlerinde çykyş etdik. Türkmenistana ilkinji gezek gelşimiz, entek köp ýerini görüp ýetişmesegem, tämiz giň şaýollar we binalaryň nepisligi bizde uly täsir galdyrdy.

Şäheriňiz bilen has ýakyndan tanyşmaga wagt tapylarmyka diýýärin. Biz hoşamaý we mähirli tomaşaçylaryňyza minnetdarlyk bildirýäris, olaryň öňünde çykyş etmegiň özi ýakymly.