img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek hem-de pudagyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna berildi hem-de ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy diýlip atlandyryldy. 

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine: 

ministrligiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak; 

Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.