img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABAR

photo

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň häkimligine: 

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda guruljak täze, döwrebap obada binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak, bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek hem-de obanyň gurluşygyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak; 

Täze guruljak döwrebap obanyň baş meýilnamasyny işläp düzmek hem-de täze, döwrebap obanyň gurluşyk işlerini iki tapgyrda: 1-nji tapgyryny 2019–2022-nji ýyllarda, 2-nji tapgyryny 2022–2025-nji ýyllarda amala aşyrmak tabşyryldy.