ALYMLAR TÜRKMEN KÖLÜNIŇ ULGAMYNYŇ EKOLOGIÝA KARTASYNY DÜZDILER
TYA-nyň Himiýa institutynyň hünärmenleri Altyn asyr Türkmen kölüniň zeýkeş-zeýakaba suw ulgamlarynyň gidrohimiki barlaglaryny tamamladylar. Biotiki ýagdaýlar we ulanylan suwlaryň duzlulygy baradaky maglumatlaryň esasynda ekologiýa kartalary düzüler, olar gurak ýerlerde ekarançylygy, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin çedlgi bolar.
Himiýa we daşky gurşawyň ekologiýasy laboratoriýasynyň müdiri Çary Kulyýewiň aýtmagyna görä, bu iş tutuş dünýäde suw ýetmezciligi bilen baglanşyklydyr we suwarymly ekarançylyk hem-de gurak ýerlerde suwdan peýdalanmak şertlerinde ýurduň suw serişdelerinden aýawly peýdalanmaga gönükdirilendir.
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda her ýyl 10 kub kilometre çenli ulanylan suw Amyderýa guýulýardy hem-de öri meýdanlaryny basýardy, 50 kub kilometr suw Sarygamyş kölünde toplanýardy. Bu zeýkeş-zeýakaba suwlarynyň hojalygara esasy zeýkeşlere birleşdirilmegi arkaly gaýtadan peýdalanmak üçin ulanylmagy peýdalanylan suwlary ekologiýa taýdan howpsuz ýere – Garaşor oýuna ýygnamak üçin bütewi ulgam döretmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, daşky gurşawy gorap saklamak we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselesi çözüldi.
Himiýa institutynyň alymlarynyň barlaglarynyň görkezişi ýaly, Altyn asyr Türkmen köli ulgamy şeýle hem suwarymly ekarançylyk üçinem, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçinem giňişleýin ulanylyp bilner. Özboluşly gidrotehniki desganyň ähli zeýkeşleriniň uzynlygy 2859 kilometrdir, şol sanda welaýatlarda gurlan Baş zeýkeşe guýýan kanallaryň uzynlygy 1553 kilometrdir. Hünärmenler alty ýyllyk barlaglaryň we irrigasiýa koeffisiýentlerini ulanmak arkaly hasaplamalaryň netijesinde ulgamyň şorlygynyň amatly ýerlerini kesgitlediler we gidrodesga golaý ýerlerdäki örüleri we ekarançylyk ýerlerini suwarmak üçin zeýkeş-zeýakaba şor suwlary ulnamagyň mümkinçiliginiň kartasyny düzdiler.
Şol bir wagtyň özünde “Ylym” neşirýatynda Altyn asyr kölüniň we Sarygamyş kölüniň suwlaryny ulanmagyň ekologiýa we gidrohimiki esaslaryna bagyşlanan monografiýa çap edildi. Karta hem, monografiýa-da oba hojalyk hünärmenleri – ekologlar, agronomlar, agrohimiikler, görkezilen sebitiň hasylly ýerlerini özleşdirýän kärendeçiler, fermerler, telekeçiler üçin çelgi boldy.
Barlaglaryň indiki tapgyrynda himiýa we daşky gurşawyň ekologiýasy laboratoriýasynyň hünärmenleri gurak howa şertlerinde Altyn asyr kölüniň zeýkeş-zeýakaba suwlaryny gara mallary, dowarlary ýetişdirmek, düýedarçylyk we balykçylyk üçin ulanylmaly zolaklaryny kesgitlediler. Gurak ýerler şertlerinde öý haýwanlaryny ýetişdirmegiň köp asyrlyk tejribesine we zeýkeş-zeýakaba suwlarynyň sypatlaryna esaslanyp, himiýaçy alymlar haýwanlary köpeltmek hem-de balykçylyk ösdürilip boljak köle golaý sebiti zolaklara böldüler. Ylmy maglumatlaryň esasynda, şeýle hem Altyn asyr kölüniň mysalynda gurak howa şertlerinde zeýkeş-zeýakaba suwlarya mallary ýakmak üçin ulanmagyň ekologiýa kartasy düzüldi.
Himiýaçylaryň teklip eden innowasion çözgütleri bu sebiti hojalyk taýdan özleşdirmek üçin ylmy esas bolar. Häzirki wagtda Himiýa institutynyň laboratoriýasynyň hünärmenleri zeýkeş-zeýakaba suwlarynyň ýurduň beýleki sebitlerine täsirini öwrenmek boýunça iş alyp barýarlar.