N.ANDALYP ADYNDAKY SAZLY-DRAMA TEATRDA ÇINGIZ AÝTMATOWYŇ POWESTI BOÝUNÇA OÝUN GOÝULÝAR

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary ajaýyp gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ene meýdany» powestini sahnalaşdyrýar. Oýnuň režisýory Guwanç Baýmedow.

Onda başyna uruş ýyllarynyň külpeti düşen, söwer ýaryny we ogullaryny aldyran gyrgyz zenany Tolgonaýyň keç ykbaly barada gürrüň edilýär... Aýtmatowyň döredijiligine mahsus epiki äheňde goýlan sahna eseri watanperwerlik we ene söýgüsi, sarsmaz ruh we gujur-gaýrat, maşgala gymmatlyklary barada. Baş gahrymanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Arazgül Jambylowa döretdi, teatryň esasy artistleri beýleki rollary ýerine ýetirýärler.

Režisýor Azymberdi Kakaýew ýaşajyk tomaşaçylar üçin türkmen halk ertekileriniň äheňinde «Bezzat» oýnuny goýýar.