GÜNDOGAR SEBITIŇ EKARANÇYLARY ŞALY ÝYGYMYNA GIRIŞDILER

Lebap welaýatynda şaly ýygymy başlandy. Şu ýyl sebitde bu azyklyk ekin 10 müň gektar ýere ekilip, ondan 47 müň tonnadan gowrak şaly ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Ýurduň gündogarynda ýerli toprak-howa şertlerine ýaramly, ýokary hasyllylygy we kesellere durnuklylygy, şeýle hem datly tagamy bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşli şaly ekilýär. Ýygymy öz wagtynda, ýokary hilli we ýitgisiz ýygnamak üçin şaly ýygymynyň ähli tapgyrlaryny sazlaşykly alyp barmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenilip taýýarlanyldy.

Sebitiň Çärjew, Halaç we Kerki etraplarynda şaly has köp meýdana ekildi. Şaly ýygymynda ýokary öndürijilikli John Deere we Claas, beýleki ýörütelelşdirilen tehnikalar işledilýär.

Türkmenistanyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, suwy halaýan şaly sebitleriň ikisinde – Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilýär. Ýurduň demirgazygynda şaly apreliň ahyrynda, günorta-gündogarynda bolsa, iýunda güýzlik galladan boşan ýerlerde ekilip başlanýar. Şaly ýygymy noýabryň ortasyna tamamlanýar.