BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY BOÝUNÇA SYÝAHAT: OTLUDA GEZELENÇ

Aşgabada ýörite Orient Silk Road Express otlusy geldi. Otly Gazagystan-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan demir ýol geçelgesi boýunça gadymy döwürde we orta asyrlarda Hytaýy Orta Aziýanyň halklary bilen birleşdiren kerwen ýollarynyň ugry bilen syýahat edýän syýahatçylary getirdi.

«Ýüpek ýoly--otlynyň aýnasyndan» syýahaty – halkara taslamasydyr, oňa gatnaşýan türkmen syýahatçylyk operatorlary daşary ýurtly myhmanlara ýurdumyzda ýerleşýän özboluşly taryhy-medeni we ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklere baryp görmäge mümkinçilik döredýärler.

Şeýle hem syýahatçylar Türkmenistanyň häzirki keşbi we gazanan üstünlikleri, binagärlik toplumlary, seýilgäh zolaklarydyr çüwdürimler toplumlary, paýtagtymyzyň teatrlary hem-de muzeýleri, onuň Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen gözel ýerlei bilen tanyşýarlar.

Şu ýyl Aşgabada ýörite otlularyň altysy bilen Amerikadan, Awstraliýadan, Ýewropadan, Günorta Aziýadan syýahatçylar geldiler.

Britaniýaly Golden Eagle luxury Trains syýahatçylyk operatory we «Aýan» türkmen syýahatçylyk kompaniýasy Russiýanyň «Золотой орел» («Altyn bürgüt») otlusynda demir ýol syýahatçylygynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Oktýabr aýynda «Золотой орел» otlusynyň ýolagçylary Aşgabadyň gözel ýerlei bilen tanyşdylar, «Garagumyň şöhlesi» kraterine baryp gördüler, Daşoguzyň we Ürgenjiň üsti bilen Özbegistana, Gazagystana, soňra Russiýa Federasiýasyna gitdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň jaýdar belleýşi ýlay, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan haýran galdyryjy manzarlary, landşaft we tebigat gözellikleri, özboluşly taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri, üýtgeşik milli däp-dessurlary, halkymyzyň myhmansöýerligi we hoşamaýlygy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça demir ýolda syýahat edýän syýahatçylaryň ýadynda galar.