DAÝAHATYN KERWENSARAÝYNDA REJELEMEK IŞLERI DOWAM EDER

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «ABŞ-nyň Ilçisiniň medeni mirasy saklap galmak boýunça gaznasy» atly her ýylky maksatnamasynyň nobatdaky ýeňijisini sylaglamak dabarasy boldy. Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem rejelemek baradaky Türkmenistanyň Milli müdirliginiň taslamasy iň gowy taslama diýlip ykrar edildi.

Lebap welaýatynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän ХI-ХII asyrlaryň üýtgeşik binagärlik ýadygärligi bolan Daýahatyn kerwensaraýy türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bir mysalydyr. Ol tutuş Orta Aziýada şu kysmy has gowy saklanyp galan binadyr. Şeýle bolsa-da, gurlanyna bir müň ýyl geçen binanyň gurluş ulgamlarynyň köpüsi we onuň owadan bezegleri zaýalanyp, ol rejelenmegine mätäçdi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou däp bolşy ýaly, bu edaranyň başlygy, taslamanyň ylmy ýolbaşçysy Muhammet Mämmedowa gutlag hatyny gowşurdy.

ABŞ-nyň Ilçihanasy baryp 2012-nji ýylda Daýahatynda berkidiş-dikeldiş işlerini maliýeleşdirip başlady. Geçen ýedi ýylyň dowamynda iki grant berildi, netijede binanyň käbir ýerlerinde ýykylma howpunyň öňüni almak boýunça has gyssagly işler ýerine ýetirildi we girelgesiniň portalynyň ozal pytran ýeri hem kerwensaraýyň howlusynyň öň tarapynyň biriniň arka galareýasy kem-käsleýin dikeldildi.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem rejelemek baradaky Türkmenistanyň Milli müdirliginiň binagärleriniň-rejeleýjileriniň ýolbaşçylygynda bu wezipä Lebap welaýatynyň ýadygärlikleriniň ählisine gözegçilik edýän Kerki döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri üstünlikli hötde geldiler. Mundan başga-da, kerwensaraýyň dörän döwründen bäri dürli tapgyrlarynyň üç ölçegli rekonstruksiýasynyň birnäçe görnüşi döredildi.

Taslamanyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde türkmen hünärmenleri kerwensaraýyň günorta-gündogar içki diwarlaryny, arka galareýalaryny we gümmezlerini, nagyşlaryny, şeýle hem esasy girelgäniň sagyndaky we çepindäki daşky diwarlaryny dikelderler. Işiň möçberiniň ululygy we öňde goýlan wezipäniň çylşyrymlylygy sebäpli üçünji tapgyry durmuşa geçirmek azyndan üç ýyla çeker. Muňa garamazdan, eýýäm Daýahatyna köpsanly syýahatçylara baryp görmäge mümkinçilik döredildi, geljekde ol has çuňňur arheologik barlaglar üçinem elýeterli bolar.

Taslamanyň netijeleri ylmy neşirlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap ediler, onda gazanylan tejribe bolsa, Türkmenistanyň orta asyr binagärlik ýadygärliklerini rejelemek hem-de olaryň durkuny saklap galmakda dünýä tejribesini baýlaşdyrar.

Mälim bolşy ýaly, 2001-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresiniň döreden Medeni mirasy goramak boýunça Amerikanyň Ilçisiniň gaznasy ABŞ-nyň hökümetiniň arheologik agtaryşlarda tapylan binalaryň durkuny saklap galmaga, taryhy ähmiýetli binalary, muzeý kolleksiýalaryny, gadymy golýazmalary we seýrek duşýan neşirleri dikeltmäge, aýdym-saz, tans we dil ýörelgelerini resmileşdirmek boýunça taslamalara hemaýat berýän maksatnamasydyr.

Amerikanyň Ilçisiniň gaznasy soňky 18 ýylda Türkmenistanda dürli taslamalaryň 26-syna jemi ABŞ-nyň 1,6 millionyndan gowrak hemaýat berdi. Ýurdumyzyň şu taslama esasynda durmuşa geçirilen taslamalaryň sany boýunça öňde barýandygyny bellemek gerek.

Amerikanyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Klimou dabarada: «Daýahatyn Türkmenistanyň milli baýlygydyr, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň mirasynyň we onuň şeýle wajyp böleginiň saklanyp galmagyna goşant goşýandygyna buýsanýaryn. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde bu gözel ýadygärlik Türkmenistandan we daşary ýurtlardan kerwensaraýy görmäge gelýänleriň köpüsine elýeterli bolar diýip umyt edýärin«- diýip nygtady.