ENERGETIKA ENJAMLARYNA HYZMAT EDIŞ MERKEZI YKDYSADY WE TEHNIKI NETIJELILIGE ÝARDAM EDÝÄR

Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» Döwlet korporasiýasynyň tabşyrygy boýunça «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe Respublikasy) we «Çalik Enerji Swiss AG» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynda energetika enjamlaryny abatlaýyş hem-de olara hyzmat ediş merkezini gurar.

Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda desga 2022-nji ýylda işe giriziler. Häzirki wagta taýýarlyk we gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.

Çalik Enerji kompaniýasy Orta Aziýada iri, ozaly bilen, gaz turbinalaryna, elektrik stansiýasy şeýle enjam bilen enjamlaşdyrylan, hyzmat edýän ýokary tehnologiýaly hyzmat ediş merkezini gurar, elektrik generatorlary, dürli kuwwatlykly transformator kiçi beketleri, elektrik şşitlerini we beýleki elektrik enjamlaryny abatlamagy özleşdirer.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň elektrik energiýasyny öndürýän desgalarynda Amerikanyň General Electric kompaniýasynyň dürli kuwwatlykly gaz turbinalarynyň 32-si işledilýär.

Ozal olara kompaniýanyň özi hyzmat edýärdi. Indi ýörüteleşdirilen merkezde enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň nominal görkezijileri dikeldiler. Munuň üçin 4 müň inedördül metrden gowrak ýerde seh gurlup, ol öňdebaryjy haryt öndürijileriň, şol sanda General Electric kompaniýasynyň ýokary tehnologiýlay enjamlary bilen üpjün ediler. Mundan başga-da, şertnamanyň şertlerine laýyklykda turbinalary abatlamak üçin potratçy ätiýaçlyk şaýlaryň 16 toplumyny iberer, bu bolsa ätiýaçlyk goruny döretmäge mümkinçilik berer.

Hünärmenleriň pikirine görä, hyzmat ediş merkeziniň döredilmegi, öz wagtynda we ýokary hilli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi netijesinde gaz turbinalarynyň işleýşiniň ygtybarlygy ýokarlanar, dikeldiş işleriniň möhleti azalar hem-de özüne düşýän gymmaty peseler, täze iş orunlary dörediler.