TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI 2020-NJI ÝYL ÜÇIN DÖWLET BÝUJETINI KABUL ETDI

Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.

«Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunynyň taslamasyna we «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiniň kararynyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleri boldy. Maslahata hökümet agzalary degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamakda esasy ugurlar barada aýdyp, onuň baş maksadynyň pudaklary yzygiderli ösdürmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmegiň, giň möçberli senagat taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini durnukly saklamakdan ybaratdygyny belledi.

Şunlukda, Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy bölegi durmuş pudagynyň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we jemagat hojalygy düzümleriniň maliýeleşdirilmegine gönükdirilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler ýurdumyzyň geljek ýyl üçin çaklanylýan ykdysady, medeni we durmuş ösüşiniň görkezijilerine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, maliýe-hukuk resminamasyny taýýarlamak babatda ähli pudaklar boýunça seljerme işleri geçirildi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet mejlislerinde aýdan anyk bellikleri, teklipleri we sargytlary göz öňünde tutuldy.

Býujetiň girdeji bölegi esasan nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk we beýlekiler ýaly wajyp önümçilik pudaklarynyň hasabyna düzüldi.

Şeýle hem obasenagat toplumy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, dokma we azyk senagatlary sazlaşykly ösüşe eýe bolar.

Ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan we sebitleri senagatlaşdyrmaga, toplumlaýyn ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ugurlaryň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli döwlet maksatnamalary býujetiň girdeji böleginiň sazlaşykly ösüşini üpjün eder.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş pudagynyň ösdürilmegine we durmuş üpjünçiligi ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilýär. Munuň özi däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasynyň durmuş ulgamyny esasy ugur edinýändigini we onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ilatyň abadançylyk derejesiniň ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilýändigini alamatlandyrýar. Bu syýasatyň many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda aýdyň beýanyny tapýar.

Giň möçberli milli taslamalaryň we maksatnamalaryň, şol sanda obalary özgertmek, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda şäher gurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, medeni-durmuş maksatly wajyp desgalary gurmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak üçin serişdeler göz öňünde tutuldy.

«Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun Mejlisiň deputatlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem olar «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny kabul etmek üçin biragyzdan ses berdiler.

Soňra «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagyň tertibini düzgünleşdirýär we raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagy amala aşyrýan edaralaryň işiniň guramaçylyk, hukuk esaslaryny kesgitleýär.

«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Deputatlaryň belleýişleri ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we täzeçil usulda diwersifikasiýa etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde telekeçilige, kiçi we orta işewürlik wekillerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Şeýlelikde, eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli edaralaryň sany yzygiderli artýar we olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň görnüşleri giňelýär.

Şol bir wagtyň özünde bilim, farmasewtika, lukmançylyk, gurluşyk, nebitgaz işlerinde, elektroenergetika, himiýa senagatynda, aragatnaşyk, ulag gatnawlary, tohumçylyk, maldarçylyk, tebigy serişdeleri peýdalanmak we daşky gurşawy goramak we başga-da birnäçe ugurlarda hödürlenýän hyzmatlaryň milli we halkara ülňülerine laýyk gelmegi hökmany talap bolup durýar.

Bu bolsa «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda» Kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup durýar.Ol işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmagyň hukuk esasyny kesgitleýär we Türkmenistanyň çäginde ony amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.

Bellenilişi ýaly, bu resminamanyň maksady önümleriň, işleriň we adamlaryň ömri hem-de saglygy üçin hyzmatlaryň howpsuzlygyny, raýatlaryň emläginiň, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekden, önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň kadalaşdyryş namalarynyň talaplaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelerde şahsy hem-de ýuridiki taraplaryň bähbidini goramakdan ybaratdyr.

Soňra deputatlaryň garamagyna «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda” Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu döwlet sylagy harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramakda görkezen şahsy edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin berilýär.

Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» , «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda» kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» , «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» ýaly Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.

Maslahatyň dowamynda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldanyldy we olar kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda Mejlisiň deputatlary ýokarda agzalan kanunçylyk resminamalarynyň Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady ösüşiň we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirer diýip bellediler.