TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowy çagyrdy. Häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek hem-de ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Ak ekinli meýdanlarda alnyp barylýan işler, aýratyn-da, güýzlük bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şol bir wagtyň özünde hem ýaz ekişine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, etraplaryň häkimlerinden talaby güýçlendirmek, olaryň daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy üçin şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmak hem-de ekinlere edilýän ideg işleri bilen tanyşmagyny, Oba milli maksatnamasy boýunça gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny seljermeklerini ýola goýmak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Şol bir wagtyň özünde welaýatda ýaz ekişine ýokary derejede taýýarlyk görmek, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlarynyň taýýarlanylmagyny üpjün etmek, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary taýýarlamak ugrunda zerur işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Welaýatda ýeralmanyň, gök ekinleriň ýazlyk görnüşleriniň tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmek möhüm bolup durýar. Şeýle hem welaýatyň çäginde bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletde tamamlanylmagy möhüm talap bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de agrotehniki çäreleriň geçirilişi, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatyny diňledi.

Hasabatyň dowamynda ak ekinlere edilýän ideg işleri bilen bir hatarda, ýaz ekişine görülýän hemmetaraplaýyn taýýarlyk barada habar berildi.

Mundan başga-da, häkim sebitde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şu ýylyň dowamynda gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilki bilen, etrap häkimleriniň adamlaryň arasynda köpräk bolup, daýhan birleşiklerindäki işler bilen tanyşmaklaryny, ekinlere ideg edilişini görmeklerini, Oba milli maksatnamasy boýunça gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýlaryny yzygiderli seljermeklerini ýola goýmagy talap etdi.

Welaýatda ýaz ekişine ýokary derejede taýýarlyk görmeli, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmeli, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça we beýleki gök ekinleriň tohumlaryny taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşynyň gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.

Mundan başga-da, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda gurluşygy tamamlanmagy bellenilen desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we şolaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek zerurdyr.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi .

Şunuň bilen bir hatarda, gowaça we beýleki gök ekinleriň ekiljek ýerlerine ideg etmek bilen birlikde, oba hojalyk tehnikalary we degişli gurallary taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýat häkiminden etraplaryň häkimleriniň ähli daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy üçin şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy talap etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, etrap häkimleri meýdanlara aýlanyp, alnyp barylýan işler, ekinlere edilýän ideg bilen ýerinde tanyşmalydyrlar, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny seljermelidirler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, gowaçanyň we beýleki gök ekinleriň tohumlaryny ýokary hilli taýýarlamak, welaýatyň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň agrotehniki möhletde geçirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatda gurulýan desgalaryň, şol sanda olaryň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda gurluşygy tamamlanmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň bellenilen möhletde ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladylyşynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyny talap etdi.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik-tehniki düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz ýerli kärendeçilere yzygiderli goldaw bermegiň we etraplaryň häkimleriniň ýerleriň ýaz ekişine taýýarlanylyşyna agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilişine bolan şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy babatynda görkezme berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýerleri tekizlemek hem-de sürüm işlerini, tehnikalary we gurallary öz wagtynda taýýarlamagy, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Oba hojalyk ekinlerinden, şol sanda ýeralmadan bol hasyl almak üçin ähli zerur çäreler öz wagtynda amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny öz wagtynda bermek meselelerine aýratyn ünsi çekdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýolbaşçysyndan etraplaryň häkimleriniň ekerançylyk meýdanlaryna yzygiderli aýlanmagyny hem-de ähli daýhan birleşiklerinde we maldarçylyk toplumlarynda alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşmaklaryny üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny we hilini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny, umuman, ilatyň ýylylyk, energiýa we gaz bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalar, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň baş talabydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleri özgertmek boýunça Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine guramaçylykly çemeleşmeleriň zerurdygy barada aýdyp, etraplaryň häkimleriniň alnyp barylýan oba hojalyk işlerine yzygiderli gözegçilik etmeklerini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler, şol sanda sebitiň ilaty bilen ýygjam aragatnaşykda bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk netijeler üçin bildirilýän talaplaryň ýokarlanýandygyny ýatlatdy.

Milli Liderimiz welaýatyň oba hojalygynda bar bolan möhüm wezipelere ünsi çekip, şolaryň oýlanyşykly çemeleşmeler we häzirki döwrüň talabyna laýyk esasda çözülmelidigini belledi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny we degişli gurallary ekiş möwsümine taýýarlamak, oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmak, daýhanlaryň netijeli zähmeti üçin ähli zerur şertleri döretmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň we pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ähli möwsümleýin işleriň bellenilen möhletde tamamlanmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem pudaga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ýeralma we beýleki gök ekinler üçin bölünip berlen ýerleri taýýarlamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurulýan desgalarda ýokary hil derejesini üpjün etmek, şolaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, güýzlük bugdaýa ideg işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylýar. Gowaça ekmek üçin bellenilen ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Obasenagat toplumyna öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak babatda anyk görkezmeler berildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrüň talabyna laýyklykda suwaryş ulgamyny kämilleşdirmek, ony netijeli peýdalanmak boýunça häzirki zaman usullaryny ulanmak zerur bolup durýar.

Gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, tohumçylyk işini gowulandyrmagyň, ýerlerde toprak-howa şertleriniň nazara alnyp, ekin dolanyşygyny ylmy esasda ýola goýmagyň mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn öwrenilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky», «Türkmenistanda 2020-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakyndaky» Kararlara hem-de «2020-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Buýruga gol çekdi hem-de olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere geçirip, resminamalardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň ähli çäklerinde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek, şeýle hem milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmagyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň etraplarynda alnyp barylýan arassaçylyk we abadançylyk işleriniň derejesine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şäheriň etraplarynyň häkimleriniň öz etraplarynda ýygy-ýygydan bolmalydyklaryna köçeleriň we seýilgähleriň arassaçylygyna, desgalaryň gurluşygyna gözegçiligi ýola goýmalydyklaryna ünsi çekdi. Munuň özi Bitaraplygyň şanly baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere hem degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydygy hakynda aýdyp, paýtagtymyzda şäher ilaty, onuň myhmanlary üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň döwrüň talabyna we häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyk gelmelidigini belledi.

Milli Liderimiz şäherde amala aşyrylýan arassaçylyk we abadançylyk işleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, paýtagtymyzyň etraplarynyň ähli ugurlar boýunça alyp barýan işlerine Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisinde her häkimiň eden işine görä baha beriljekdigini ýatlatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ak mermerli Aşgabadyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde, şeýle hem şähergurluşyk-binagärlik işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribeleri öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, şäher hojalygynyň ähli düzümleriniň işine täzeçil tehnologiýalar we häzirki zaman sanly ulgamy işjeň ornaşdyrylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen, paýtagtymyzda gurulýan desgalar barada aýdyp, gurluşyk işleriniň bellenilen möhletleriniň we hil derejesiniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, häkime anyk görkezmeler berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13813