TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ ŽIWOPIS ESERLERINDÄKI WASPY

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Türkmenistanlylar täzeden täze ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýan, ajaýyp binalary bilen haýrana goýýan we innowasion megapolise öwrülýän paýtagtymyzy ýürekden söýýärler.

Arassalygy we özboluşly baglary, tämizligi we urbanistik giňişligiň deňagramly guralşy bilen göwnüňi galkyndyrýan ýurdumyzyň baş şäheriniň özgermegine gurluşykçylar, dizaýnerler, gülçiler we şaher ilat -- garaz, hemmeler gatnaşýarlar.

Bu ýere gelýänler sergi bilen tanyşlygy Meret Saparmämmeowyň «Täze binalar» atly işinden başlaýarlar, onda paýtagtymyzyň özgeriş depgini simwoliki beýan edilýär. Inga Pawloskaýanyň «Uniwersitetiň gurluşygy» suraty şähergurluşyk maksatnamasy temasyndan oýlanmalary dowam edýär... Nakgaş suratynda şäher manzaryny, täze binalaryň suduryny, uzyn aýak durnalary ýada salýan gurluşyk kranlaryny şekillendiripdir.

Stanislaw Babikowyň «Aşgabadym» atly işinde indi taryha öwrülen döwrüň äwmezekligi we şol döwre mahsuslyklar şekillendirilipdir, onuň ýanynda aýak çekýän uly ýaşly nesliň wekilleri geçmişe şahyranalyk nukdaý-nazaryndan garaýarlar.

Baky Sadykow agşamky Aşgabadyň çyralar bezegini aýratyn nygtaýar. Täçjemal Gylyçdurdyýewanyň «Ak şäherim Aşgabat» işinde keşbinde däpleri we täzelikleri, nusgawylgy we moderni jemleýän paýtagtymyzyň şahyrana waspy edilýär.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14329