DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR

Mejlisiň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hem-de Adalatçynyň Diwanynyň wekilleriniň gatnaşmagynda düýn onlaýn görnüşinde geçirilen okuw maslahaty adamyň medeni hukuklaryna bagyşlandy.

BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti tarapyndan guralan maslahatyň çäklerinde ýygnananlar adamyň medeni hukuklaryny höweslendirmegiň we goramagyň halkara-hukuk esaslary, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň, şol sanda Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiň hem-de medeni hukuklar ulgamynda Ýörite hasabatçynyň işi bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we hereket edýän Kanunlaryň onlarçasy ýurdumyzyň her bir raýatynyň medeni durmuşa gatnaşmak hukugyny, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligini, medeni gymmatlyklara elýeterliligi kepillendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak, milli mirasy aýawly saklamak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasyna, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça 1966-njy ýylyň Halkara paktyna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz halkara guramalary bilen bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär, halklaryň arasynda döwlet derejesinde medeni we ynsanperwer gatnaşyklary işjeň ösdürýär, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milletleriň wekilleriniň medeni hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14573