HARKOW ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ
 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Harkow şäherinde Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de 2020-nji ýylyň  «Türkmenistan Bitaraplygyň – mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we «Harkow politehniki instituty» Milli tehniki uniwersiteti bilen bilelikde Harkow şäherindäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşyň açylyş dabarasynda ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar we ýaşlary Türkmenistanyň taryhyndaky möhüm waka bilen gutladylar, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de ähli türkmen halkyna özleriniň iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler. Ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri milli Lideriň daşary ýurtlarda okaýan talyplar baradaky aladalaryny belläp, çärä gatnaşyjylara ýaryşlarda üstünlik hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdiler.

Myhmanlar we dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň taryhy, ýurduň içeri we daşary syýasaty, Bitaraplyk ýyllarynda sebit we halkara durnuklylygyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikler barada tanyşdyryldy.

Ýaryşda jemi dürli ýokary okuw mekdeplerinden alty sany topar çykyş etdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda G.S.Skoworoda adyndaky Harkow milli pedagogiki institutynyň türkmen talyplarynyň ýygyndy topary birinji ýere eýe boldular.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan ýeňiji bolan toparyň agzalary hormat hatlary, medallar we kuboklar bilen dabaraly ýagdaýda sylaglandylar.

Habarlar (neutrality.gov.tm)