UKRAINANYŇ WE ITALIÝANYŇ DIPLOMATIK AKADEMIÝALARY BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” MASLAHATLARY

photo

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde täsirli gural bolup çykyş etmek bilen, parahatçylygy we özara ynanyşmagy berkitmegiň esasy daýanjyna öwrülendigi nygtaldy.

“Tegelek stol” maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň  arasynda ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmeklige gönükdirilen hereketleriň depgini we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, 26-njy noýabrda Türkmenistanyň DIM-nyň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Italiýa Respublikasynyň Diplomatik akademiýasynyň arasynda onlaýn görnüşinde maslahat geçirildi. Bu maslahata iki ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Çäräniň başynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň milli, sebit we halkara ölçeglerde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda talyplaryň, mugallymlaryň, şonuň ýaly-da ylmy neşirleriň özara alyşylmagy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, bilelikdäki barlaglaryň durmuşa geçirilmegi, onlaýn görnüşinde ylmy maslahatlaryň we okuw sapaklarynyň geçirilmegi babatynda ylalaşyklar gazanyldy.

Habarlar (neutrality.gov.tm)