TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY DÜRLI ÝURTLARYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI BILEN HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄR
2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Lançžou uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi.
Çäräniň başynda, “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda şanly 25 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň milli, sebit we halkara ölçeglerde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti barada ginişleýin gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamynda şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Lançžou uniwersiteti tarapyndan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, bitaraplyk institutynyň we halkara gatnaşyklarynda kemala gelen bitaraplygyň türkmen nusgasynyň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýänligi nygtaldy.
Şeýle hem, 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Horwatiýa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň berk binýadyny kemala getirýän Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň halkara hukugyň we diplomatiýanyň üýtgewsiz ýörelgelerini özünde jemlemek bilen, öz gezeginde halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy döretmegiň oňyn tejribesini we bu ugurdaky sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrylmagyň netijeli guralyna öwrülendigi nygtadylar.
“Tegelek stol” maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Horwatiýa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmeklige gönükdirilen işleriň alnyp barylşy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.