TDIM-IŇ HGI BILEN SAUD ARABYSTANYŇ DIPLOMATIK INSTITUTYNYŇ ARASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tegelek stol maslahaty geçirildi.

Çärä iki ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylyk düzümi we talyplary, şeýle-de iki ýurduň Ilçileri gatnaşdy.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi çykyş etdi. Ol öz çykyşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ýokary derejesiniň saklanylmagynda özara saparlaryň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Öz gezeginde, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Halid bin Al-Sahli Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, ähli türkmen halkyny bu şanly sene bilen gutlady.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nyň rektory öz çykyşynda türkmen tarapynyň arap dünýäsiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýany öwreniş institutynyň Aziýa ýurtlaryny öwreniş Merkeziniň direktory Ali-Al-Karni çykyş etdi we ol türkmen halkyny şanly Bitaraplyk baýramy bilen gutaldy hem-de iki ýokary okuw mekdepleriniň geljekde hem netijeli hyzmatdaşlygy dowam etjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra çäre «Ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlyk», «Ykdysady hyzmatdaşlyk» we «Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly üç ugur boýunça dowam etdi, olaryň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça täze sepgitleri we hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şonuň ýaly-da döwletara gatnaşyklarynyň taryhy dogrusynda gürrüň etdiler.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda arap diliniň okadylmagynyň guramaçylygyna gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Medeni hyzmatdaşlygyň ara alyp maslahatlaşylmagynyň barşynda taraplar zenanlaryň el işleriniň özara hereketleriniň guralmagyny teklip etdiler. Saud tarapy şeýle-de syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyny hem mälim etdi.

Habarlar (neutrality.gov.tm)